Aprel aýynda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasyna gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak göz öňünde tutulýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanylmaga berler

Esasy çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Bu barada 29-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.