29-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklar Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda uzak möhletli geljek üçin binýatlaýyn ugurlary kemala getirýär. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak esasy orny eýeleýär. Halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşdy we milli maksatnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri boldy. Hususan-da, Türkmenistan Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148 wezipäni we 187 sany görkezijini kabul etdi.
DÖM-niň ýurdumyzda amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synlary 2019-njy we 2023-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde bu guramanyň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryndan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp, bu gurama bilen durnukly ösüş ugrunda döwletimiziň hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligi geçiriler. Halkara derejede durnukly ulag ulgamy meselesini ilerletmekde ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde şu mesele boýunça ýokary derejeli mejlis geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär.
Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy
Döwletimiziň ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini we başlangyçlaryny beýan etmek, şol bir wagtda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag onýyllygy boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamaga goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek aýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär. Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we onuň mowzugyny ulag ulgamyna hem-de energiýa arabaglanyşygy meselelerine bagyşlamak teklip edilýär.
Energetika ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçiriler
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy nygtaldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama munuň aýdyň güwäsidir. Şu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň biridir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine BMG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli 2025-nji ýylda halkara derejeli çäreler guralar
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, onuň esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Munuň özi biziň öňümizde birnäçe guramaçylyk meselelerini goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylygynyň üpjün edilmegi üçin şu wagtdan Hökümet agzalaryndan ybarat bolan döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli 2025-nji ýylyň dowamynda guraljak halkara derejeli çäreler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.