29-nji martda Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, Änew Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän medeniýetiniň möhüm ýadygärligi, şol bir wagtyň özünde türkmen hem-de hytaý halklarynyň arasyndaky köp müňýyllyk dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýadydyr. Ýakynda Gahryman Arkadag Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň bezeglerindäki aždarha şekilleriniň Hytaýyň şekillendiriş sungaty bilen meňzeşdigini belledi we bu ylmy seljerme esasynda subut edildi. Alymlaryň pikirine görä, munuň özi orta asyrlarda türkmen we hytaý ussatlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Munuň şeýle bolmagyna Beýik Ýüpek ýoly ýardam edipdir, çünki olar bu ýol boýunça özara saparlary amala aşyrypdyrlar hem-de tejribelerini paýlaşypdyrlar.
Şeýle hem diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Geçmişe göz aýlasak, türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklarynyň kökleriniň taryhyň jümmüşine uzap gidýändigini aýdyp bolar” diýen jümlesini mysal getirdi. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen “Kasam şertnamasy” diýen şertnama gol çekipdirler we ol iki halkyň ýakynlygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.