29-njy martda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.
Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplary bilen tanyşdylar. Şeýle hem sergide gaznanyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilen operasiýalar üçin ulanylýan sarp ediş serişdeleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň öndürýän önümleri, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan çaýlar we beýlekiler bar. Monitorlarda gaznanyň işi barada gürrüň berýän wideoşekiller, fotosuratlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki günde Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tutuş dünýäde tanalýandygy nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de beden taýdan sagdyn, ruhy-ahlak taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň aýdyň netijesidir.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermegi esasynda gaznanyň müdiriýeti köp sanly haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrdy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda näsag çagalara operasiýalar geçirildi, bu olaryň köpüsine saglygyny dikeltmäge ýardam etdi. Şeýle hem howandarlyga mätäç çagalara beýleki bejeriş-anyklaýyş, bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirildi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriniň, möhüm sebit meseleleri boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan hemişe goldanylýandygyny belledi. Şunda döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklar üçin bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti nygtaldy.
D.Şlapaçenko Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Ol şu gezekki forumyň ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak babatdaky meseleleri netijeli çözmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny nygtap, gazna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk “Hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasyny gowşurdy.
Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ýaş nesliň saglygy hem-de rowaçlygy baradaky edýän ýadawsyz aladalary, Türkmenistanda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri ugrunda döredilýän ajaýyp şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.