Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň nahalhanasynda hoşboý ysly bägülleri we agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Maslahata jemgyýetiň hünärmenleri, bagbanlary, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary şeýle-de agza bolup durýan tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Olar jemgyýetiň nahalhanasynda nahallary we bägülleri ýetişdirmegiň, olary ideg etmegiň agrotehniki çäreleri dogrusynda tejribe alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren ýazky bag ekişlik çäresiniň guramaçylykly geçmegine jemgyýetiň bagbanlary, hünärmenleri özleriniň saldamly goşantlaryny goşup, geçen ýyl agza edara-kärhanalara, orta, ýörite we ýokary okuw mekdebine hoşboý ysly bägülleriň we agaç nahallarynyň jemi 8552 düýbi şeýle-de bägül şitilleriniň 1570 düýbi mugt paýlanyp berildi. Okuw maslahatynyň esasy maksady nahalhanamyzda gülleriň we agaç nahallarynyň bagbanlarymyz tarapyndan ýetişdiriliş usullarynyň ähmiýetini, nahallary ýetişdirilmegiň nä derejede arzylydygyny wagyz etmekden ybarat boldy.
Rozymyrat Saparow, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bagbany.