30-njy martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşygy boldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň birinji tapgyrlarynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ASYCUDA elektron deklarirleme üstünlikli durmuşa geçirildi, ikinji tapgyryň çäginde Eksport-import amallary üçin bir penjire ulgamyny işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Duşuşykda taraplar BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy tarapyndan taýýarlanan Türkmenistanda gümrük edaralaryny sanlylaşdyrmagyň üçünji tapgyry boýunça teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: customs.gov.tm