Türkmenistan 2025-nji ýylyň 17-nji maýy ─ 16-njy noýabry aralygynda Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek «24-nji Triennale Milano» halkara sergisine gatnaşar. Bezeg sungaty we häzirki zaman binagärligi temasyny öz içine alýan bu halkara sergisiniň geçirilmegi Halkara sergiler býurosynyň 173-nji mejlisinde makullanyldy.
«24-nji Triennale Milano» halkara sergisine gyzyklanma bildirýän döwlet we hususy guramalaryna oňa gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.