2-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda wagyz etmek we öňde goýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen “Sanly ulgam: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly sanly ulgam boýunça okuw-usuly onlaýn maslahaty geçirildi. Muňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň talyplary hem-de mugallymlary öz ýokary okuw mekdepleriniň mejlisler jaýlaryndan, okuw otaglaryndan internet arkaly onlaýn gatnaşdylar. Maslahatda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçilmegi bilen bir hatarda, kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy barada hem aýdylyp geçirildi. Kibermedeniýetiň ösüş bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, sosial-psihologik we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri barada çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler.
Okuw-usuly onlaýn maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow alyp bardy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetiniň başlygy, Mejlisiniň deputaty Serdar Gaýypow; Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýuristi Allamyrat Amandurdyýew; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew; Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow; “Türkmentelekom” EAK-nyň Internet tehnologiýalar merkeziniň Programma üpjünçiligi döretmek we goldamak bölüminiň programmisti Annageldi Hydyrow; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň müdiri Berdimyrat Orazow hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Merdan Ýagşyýew dagylary täsirli çykyş etdiler.