2-nji aprelde türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan tanymal ýazyjy hem-de suratkeş Juma Hudaýguly 78 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ýazyjy 1946-njy ýylyñ 14-nji dekabrynda Ahal welaýatynyñ Sarahs etrabynyň Ýalawaç obasynda dünýä indi. 1963-nji ýylda mekdebi gutaryp, Aşgabatdaky Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine okuwa girdi. 1968-1973-nji ýyllarda Ukrainanyñ Lwow şäherindäki poligrafiki institutyñ kitap grafikasy bölüminde bilim aldy, soňra Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasynda işledi.
Ol 1980-nji ýylda SSSR-iň Suratkeşler birleşigine kabul edildi. Suratkeşiň eserleri respublikan hem Bütinsoýuz sergilerine, Daniýa, Gresiýa, Mongoliýa, Russiýa, Siriýa ýaly birnäçe ýurtlarda gurnalan halkara sergilere gatnaşdy.
Juma Hudaýguly 35 ýaşynda edebiýat älemine gadam basdy. Onuň ilkinji hekaýalary 1981-nji ýylyñ iýulynda «Edebiýat we Sungat» gazetinde çap edildi.
1987-nji ýylda ol SSSR-iň Ýazyjylar birleşigine kabul edildi. 1990-njy ýyllaryñ başlarynda SSSR-iñ Halk artisti Baba Annanow bilen birlikde «Zöhre-Tahyr» kinofilminiň ssenariýsini ýazdy. Şol döwürde ol dört aý «Edebiýat we Sungat» gazetiniñ baş redaktorynyñ orunbasary bolup işleýär.
Dürli ýyllarda Juma Hudaýgulynyň hekaýalarynyň terjimeleri ABŞ-da, Russiýada, Türkiýede, Täjgistanda, Belarusda, Yrakda çap edilýär.
Ýazyjy onlarça hekaýalardan ötri, Gökdepe tragediýasyna bagyşlanan «Ýere gaçan ýyldyzlar» atly üç tomluk epiki romanyň, «Döwür kyssasy» çeper publisistik romanynyň, «Gyrmyzy bägüller», «Söýgüde serhet ýok», «Aşyk Merdan kyssasy», «Ömrüzaýa» romanlarynyň, ençeme powestiň, pýesalaryň awtory hökmünde tanalýar.