Hytaýyň tebigy gözelliklere baý özüne çekiji ýerleriniň biri hem Týanmen dagy bolup, Hunan welaýatynyň Çžanszýasze şäherinden
10 kilometr günortada ýerleşýär. Bu dag gerişleriniň beýikli-pesli dik gaýalarynyň arasynda Týanmen dag milli seýilgähi, «Jennet derwezesi» (Týanmen gowagy), asma baglar ýaly täsinlikleri görmek bolýar. Her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýän Týanmen dagy, esasan, ýaz paslynda we güýzde köp adamly bolýar.
Dagyň iň owadan ýerleriniň biri hem «Jennet derwezesi» bolup, depä çykmak üçin 999 basgançak geçmeli. 999 basgançagyň gurulmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi hytaý medeniýetinde 9-lyk san bakylygy aňladýar. Iki gaýanyň birleşýän ýerinde tebigy ýagdaýda süýnmek açyk girelge görnüşinde gowak emele gelipdir. Edil dagyň girelge gapysy ýaly görünýän bu ýere «Jennet derwezesi» diýlip at berlipdir. Dagyň girelgesine barmak üçin jülgeden ýokarlygyna beýgelip gidýän basgançaklardan çykmaly. Daş-töweregi tokaý bilen gurşalan bu ýerden ýokary çykmak, esasan hem, 1 müň 260 metr belentlikde bulutlaryň arasynda ýöremek syýahatçylarda täsin duýgulary döredýär. Basgançakly jülgäniň beýikligi 131 metre barabar bolup, ini 50 metr töweregi. «Jennet derwezesinden» geçip, Tan neberesi döwrüne degişli Týanmenşan ybadathanasyna baryp bolýar. Häzirki wagtda 2 gektar meýdany eýeleýän bu ybadathana Tang dinastiýasy döwrüniň binagärlik nusgalary esasynda gurlupdyr.
Týanmen daglarynyň ortaça beýikligi 1 müň metrden geçýär. Bu ýerde dagyň depesine çykmak we dagyň depesindäki tokaý gözelliklerini synlamak üçin asma ulagy hereket edýär. Asma ýoluň uzynlygy 7 müň 455 metre deň. Çžanszýasze şäherinden asma ulaga münüp, täsin gezelenji başdan geçirip bolýar.
Týanmenşan dag şaýoly hem bu ýere gelýän syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. «Jennet merduwanlary» hem diýlip atlandyrylýan bu ýoluň uzynlygy bary-ýogy 11 kilometr töweregidir. Öwrüm-öwrüm ýoluň beýikligi
200 metrden 1 müň 300 metre çenli beýgelýändigi sebäpli, meşhur dag ýoly hasaplanýar. Dokuz öwrümli bu ýol dagyň üstünde ýatan aždarha çalym edýär. Bu ýolda türgenleriň arasynda dag welosiped ýaryşlary hem geçirilýär.
Týanmen dagynda dag şaýolundan, asma ýoldan we «Jennet derwezesinden» başga-da, Týanmen dag milli seýilgähi ýerleşýär. Dagyň esasy bölegini emele getirýän seýilgähde Týanmenşan ybadathanasy, Týanmen akademiýasy, aýnadan ýasalan asma ýol, geçmesi kyn dag ýoly, «Awatar» dag sütünleri bar.