Sanlylaşdyrma düşünjesiniň bir bölegi hökmünde halkara ýükleriň ýurduň gümrük serhetlerinden geçmegini ýönekeýleşdirmäge we çaltlaşdyrmaga kömek edýän “TIR-EPD” ulgamy ornaşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň internet sahypasynda habar berilýär.
“TIR-EPD” ulgamy, Türkmenistana iberilen we onuň çäginden geçýän harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alýar we şuňa meňzeş maglumatlar “TIR Karnetini ulanyp halkara harytlary daşamak boýunça gümrük konwensiýasyna” agza ýurtlaryň gümrük edaralaryna iberilýär.
Bu halkara üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny üpjün edýär we konwensiýa gatnaşýan ýurtlara türkmen harytlarynyň päsgelçiliksiz iberilmegini aňsatlaşdyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu ulgamy e-TIR ulgamy bilen utgaşdyrmak ugrunda iş alyp barýar we durmuşa geçirilmegi bilen serhetlerdäki harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek doly awtomatlaşdyrylar.