4-nji aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde miniatýura sungatynyň, kaligrafiýanyň we altyndan bezeg eserleriniň ajaýyp sergisi açyldy.
Sergä Eýrandan gelen myhmanlar, altyn çaýmak sungaty boýunça ýa-da kitabyň daşyna bezeg bermek boýunça hünärmen Fatame Pärästände Hiýal, kaligrafiýa (žiwopis) sungaty boýunça hünärmen Hadiýe Seýed Hani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, hormatly myhmanlar, Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.
Myhmanlara ruhy taýdan lezzet bermek üçin guralan sergide Remezan aýy mynasybetli miniaturalar, kaligrafiýalar, Eýrandan gelen hünärmenleriň dürli eserleri görkezildi.
Serginiň çäklerinde hünärmenler özleriniň kaligrafiýalary nähili usullar bilen taýýarlaýandyklary barada sergä gatnaşanlara gürrüň berdiler.
«Sergidäki kaligrafiýalar birnäçe ýyllaryň dowamynda öz durkuny ýitirmeýär. Sebäbi kaligrafiýa üçin kagyzlar birnäçe etapda, elde taýýarlanylýar. Olara ýyllar geçse-de, zeper ýetmeýändiginiň esasy sebäbi, kagyzlar taýýarlanylanda basylyp, içiniň howasy dolulygyna çykarylýar. Kagyz takmynan 6 aýda taýýar bolýar» diýip, hünärmen Hadiýe Seýed Hany aýtdy.