Täjigistana amala aşyrýan resmi saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda düýn geçirilen Duşenbe duşuşygynyň jemlerine ýokary baha berlip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz türkmen-täjik gepleşikleri boýunça kesgitlenen anyk ugurlara ünsi çekdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, hyzmatdaşlygyň söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan ugurlarynda özara hereketleri işjeňleşdirmek barada barýar. Şeýle-de Täjigistandan Türkmenistana, Hazaryň kenaryna, Eýrana, soňra Pars aýlagyna, Türkiýä çykmak arkaly ulag ugruny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy, özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, iberilýän we getirilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň, eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Milli Liderimiz dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.