Dünýäde iň köp isleg bildirilýän futbol köýnekçesi (futbolka) Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň köýnekçeleridir. Geçen ýylyň dowamynda “Real Madridiň” 3 million köýnekçesi satyn alyndy. Olaryň ortaça bahasy 150 ýewro deňdir. Umumylykda internetiň gözleg ulgamlarynda bolsa “Real Madridiň” köýnekçeleri 5 million gezek gözleg edildi. Iň köp gözledilen 2-nji futbolka “Mançester Ýunaýted” toparynyň köýnekçeleri bolup, geçen ýylyň dowamynda “Gyzyl şeýtanlaryň” formalary 4,8 million gezek gözleg saýtlarynyň toruna ilipdir. Başga bir ispan kluby “Barselonanyň” formalary bolsa geçen ýylyň dowamynda 3,3 gezek gözleg edilipdir.