Bütindünýä banky Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda 3,4 göterim ösüş gazanjakdygyny mälim etdi. Maliýe edarasynyň çaklamasynda Saharanyň aşagyndaky ýurtlarda ykdysadyýetiň dikelip başlanjakdygy bellendi. Geçen ýyl bu sebitde 2,6 göterim ösüş gazanylypdyr. Üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň 3,4 göterim, geljek ýyl 3,8 göterim bolmagyna garaşylýandygy bellenilýär. Sebitde sarp edilişiň artmagynyň hem-de hümmetsizlenmäniň azalmagynyň ykdysady dikelişe goldaw berjekdigi bellenildi. Bankyň taýýarlan maglumatynda sebitde ýüze çykýan tebigy hadysalaryň bolsa ykdysady ösüşe päsgel berip biljekdigi bellenildi.

Eziz Annakow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.