Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1% ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi. Umaman aýdylanda, 2024-nji ýylyň ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 133,3% ýerine ýetirildi.
2024-nji ýylyň ýanwar—mart aýlary boýunça ýük dolanyşygy 236,096 mln.tn.km. boldy, bu 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 4,2% ýokary we ýanwar—mart aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 188,0% ýerine ýetirildi.
2024-nji ýylyň ýanwar—mart aýlary boýunça ýolagçy dolanyşygy 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 44,5% ýokarlandy we 1,910 mln.ýolag.km boldy. Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 355,0% boldy.
Daşalan konteýnerleriň sany 1879 TEU, ösüş depgini 184,4%.