10-njy aprelde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde türkmen halky hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda agzybirlikde Oraza baýramyny belläp geçdi. Oraza baýramy gününiň ir säheri metjitlere üýşülip, baýram namazy okaldy, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler edildi.
Oraza baýramy mukaddes baýramdyr. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelýän ruhy tämizlik we ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly müdimi ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan iň gadymy baýramlarynyň biridir. Gadymy türkmen topragynda, tutuş musulman dünýäsinde bolşy ýaly, otuz günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyryp, Oraza baýramy bellenilýär. Bu baýram mynasybetli hormatly
Prezidentimiz türkmen halkyna Gutlag hatyny ýollady. Gutlagda Oraza aýynda we Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, beren sadakalaryňyz, okan aýatlaryňyz, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun diýlip bellenýär.
Oraza bütin musulman ymmatynyň baýramydyr. Musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy bolan «Aýlaryň soltany» adyny alan Oraza aýy haýyr-sahawata, ynanç-ygtykatlara, ýagşy niýet-pällere, alkyş-dileglere, mähir-muhabbete, sogaplara beslenen aýdyr. Gadyr gijesi bu aýyň serweri hasaplanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz asylly däbimize eýerip, Gadyr gijesi mynasybetli 356 sany raýaty tussaglykdan boşatmak baradaky Permana gol çekdi. Bu mukaddes gijede şunça ynsanyň maşgala ojaklaryna nur çaýyldy.«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan metjitler açylyp ulanmaga berildi. Şol metjitlerde we ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Änew şäherinde açylan täze Seýit Jemaleddin metjidinde berlen agzaçar sadakalarynda milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent maksatly tutumlarynyň rowaç bolmagy, döwletimiziň abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edilip, aýat-töwirler okaldy.
Kenarýaka Hazar şäherçesinde gurlan «Hazar» diýlip atlandyrylan täze metjit Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilip, metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde altyn çaýylan Aýyň şekili bar. Haşamlanyp timarlanan minaralar ymarata yslam medeniýeti üçin häsiýetli bolan özboluşly gözellik çaýýar.
Bir wagtda 500 adamyň namaza durmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen binanyň içki bezeginde deňiz tolkunlary, balyk teňňeleri şekillendirilipdir.
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň merkezinde gurlan täze metjit «Ruhubelent» diýlip atlandyryldy. Onuň 3 gektara barabar umumy meýdanynyň çäginde 300 adamyň namaz okamagyna niýetlenen belent başly bina, şonça orunlyk sadaka jaýy ýerleşýär. Metjidiň gurluşyk işlerini «Dowamat» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde açylan 300 orunlyk metjidiň gurluşygyny «Mizemez» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Halk köpçüliginden gelen teklipler we ýaşulularyň oňlamagy bilen, Jeýhun ýakasyndaky sebitde gurlan täze metjit «Jeýhun» diýlip atlandyryldy.
Jemi 3 gektar meýdany eýeleýän toplumda metjidiň tutýan meýdany 1 müň 194 inedördül metre barabardyr.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde «Röwşen» hususy kärhanasynyň binagärleri tarapyndan gurlan 300 orunlyk dini ymarata welaýatyň ýaşaýjylarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň isleg-arzuwlary, teklipleri esasynda «Merw» diýlip at berildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da döwrebap baş metjitler gurlup ulanmaga berildi. Sebitleriň baş metjitleriniň ilki Mary welaýatynda açylyp ulanmaga berlendigini bellemeli. Bu asylly işler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda netijeli dowam etdirildi. Ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda-da häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän metjit guruldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlan baş metjit hem şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen welaýatyň baş metjidi ulanmaga berildi.
Aşgabat şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda Hezreti Omar metjidiniň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurda alnyp barlan işleriň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde hem döwrebap metjidiň gurluşygy alnyp barylýar.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.