Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin ösüş-özgerişleriň zamanasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna eýerýän türkmen halky Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde tutanýerli zähmet çekýär.
Şeýle ösüş depgininiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da dowam edýändigi belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt döwletlerine amala aşyran resmi we iş saparlary aýdyňlygy bilen mysaldyr.
Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran sapary uly üstünliklere beslenip, iki doganlyk döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypalary açdy. Bu saparyň barşynda birnäçe ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi we olaryň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Duşuşygyň dowamynda döwrüň talaplary bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi bellendi.
Haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, söwda gatnaşyklarynda taraplaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň hem-de Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, şol sanda ony hususy kompaniýalaryň, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek arkaly üpjün etmek maksady bilen, iki döwletiň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda netijeli ädimleri ätmegiň zerurdygy aýdyldy.
Energetika, ulag-kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu gazna esasy sebitleýin düzüm bolmak bilen, onuň işi Aralýaka sebitde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamy hökmünde kesgitlenip, bu babatda türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gahryman Arkadagymyz energetika pudagyndaky gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, elektrik energiýasyny, tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunda, zerur bolan halatynda, özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramak maksadalaýyk hasaplandy.
Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň we Täjigistanyň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Döwletgeldi ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.