Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sport we bedenterbiýe ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport-sagaldyş hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy.
Asylly däbe görä, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenen medeni we köpçülikleýin sport çäreleri uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeginde welosipedli ýöriş guraldy.
Şeýle hem şol gün halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny belende galdyran türgenlerimizi sarpalamak dabarasy geçirildi. Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, 25-nji fewral – 8-nji mart aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik eden türgenler ilkinji bolup sahna çagyryldy. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar.
7–10-njy fewralda Minsk şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky, şeýle hem 21–24-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» atly halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 29-njy fewral – 3-nji mart aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça guralan halkara ýaryşda hem köp sanly medallar gazanyldy. 5–19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda ýurdumyzyň türgeni altyn medala mynasyp boldy. Türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Türgenlerimiz 4–7-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda, 2–12-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Iwanowo şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça Açyk dünýä çempionatynda baýrakly orunlary eýelediler. 31-nji ýanwar – 3-nji fewral aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp bolan türgenimiz aýratyn öwgä mynasypdyr.
Umuman, şu gezekki dabaraly çäre täze sport üstünlikleriniň oňyn başlangyjy boldy. Çünki türgenlerimiz erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan pugta erk-islegi bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, islendik derejedäki ýaryşlarda türkmen sportuna mynasyp wekilçilik etmäge ukyplydyr.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde abraýly halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilik döredýän, ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, durmuşa geçirýän giň gerimli, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyga beslensin!
Gülnar NYÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.