Ýakynda dünýäde iň özüne çekiji dili anyklamak maksady bilen pikir soraşma geçirildi. Dil öwreniş platformasynyň täze maglumatlaryna görä, dünýäde iň özüne çekiji dil indi fransuz dili däl-de, italýan dili. Angliýadan, Fransiýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Germaniýadan we ABŞ-dan 6 müň meýletinçiniň gatnaşmagynda geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde italýan diliniň iň täsirli dildigi mälim edildi. 2017-nji ýylda geçirilen pikir soraşmada fransuz dili bu derejä eýe bolupdy.
Köpler italýan dilini öwrenmäge höwes döredýän, romantik dil hökmünde häsiýetlendirýärler. Dil öwrenýänler, esasan hem, italýan medeniýetiniň we sungatynyň täsirine düşmek, italýança çeper eserleri okamak özüne maýyl edýär diýip belleýärler. 67 million adamyň ene dili bolan italýan dilinde häzirki wagtda 85 million töweregi adam gepleýär. Italýan dili Italiýadan başga-da, San-Marinonyň we Şweýsariýanyň käbir sebitiniň resmi dili bolup, Watikanyň esasy dili hasaplanýar. Horwatiýanyň we Sloweniýanyň käbir sebitinde hem italýança «moda dil» hasaplanýar. Dünýäniň opera we aýdym-saz sungatynda ulanylýan sözleriň ählisi diýen ýaly italýançadan gelip çykýar. Italýança sözleriň köpüsiniň çekimli ses bilen gutarmagy beýleki dillerden aýratynlykly tarapynyň biridir.
Dil öwreniş platformasynyň maglumatlaryna görä, pikir soraşmanyň dowamynda nemes dili «iň gönümel dil», iňlis dili «iň mylakatly dil» diýlip saýlanypdyr.