Ýylyň iri tennis ýaryşlarynyň biri hasaplanýan “Monte Karlo Masters” bäsleşiginde gresiýaly Stefanos Sisipas çempion boldy. Sanawyň 12-nji belgili tennisçisi finalda 10-njy belgili raketkaçy, norwegiýaly Kasper Ruud bilen duşuşdy. 1 sagat 38 minutlap dowam eden finalda Sisipas garşydaşyny 6:1 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, Sisipas soňky 4 ýylda 3-nji gezek “Monte Karlo Masters” ýaryşynda çempion bolmagy başardy (2021, 2022, 2024).
Iki tennisçi hem şu ýaryşa çenli 10 kubok gazanypdy we Sisipas bu ugurda garşydaşyndan öňe saýlandy.