Şu gün – 16-njy aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidow ýolbaşçylyk etdiler.
Ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir hatarda syýasy gatnaşyklaryň giňeldilmegi we olary amaly taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Bu ugurda däp bolan parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirilmek babatynda umumy pikirler bellenildi.
Iki ýurduň arasynda halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG we onuň düzümleýin edaralarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini beýan edip, taraplar iki ýurduň sebitde we dünýäde durnuklylygy, ykdysady ösüşi we howpsuzlygy saklamak üçin täsirli köptaraplaýyn usullary gözlemäge ygrarlydyklaryny aýtdylar.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi.
Ulag-logistika, energetika, himiýa we senagat ulgamlaryndaky hem-de maglumat howpsuzlygy ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.
Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler. Şunlukda, taraplar Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigini bellediler.