17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat–Tejen (203 kilometr), Tejen–Mary (109 kilometr), Mary–Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary böleginiň başlanýan ýerine geldi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşýan myhmanlaryň hatarynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, beýleki hormatly myhmanlar hem bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik we şatlyk-şowhun bilen hormatly Prezidentimizi mübärekleýärler. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz çykyş etdi
Soňra döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy üçin ýörite gurnalan mejlisler jaýyna bardy we bu ýerde çykyş etdi.
Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy hem sowgat hökmünde gowşurylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat–Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigini, bu gün bolsa awtobanyň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen–Mary böleginiň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanmaga berilýändigini, täze ýoluň ugrunda ençeme döwrebap desgalaryň bina edilendigini, ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini aýtdy.
Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder. Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu gün Mary şäherinde açylyp ulanmaga berilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydygyny aýtdy. Şeýle-de, bu döwrebap saglygy goraýyş merkezinde enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, ilatyň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljek merkeziň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada hem yzygiderli alada edilýär. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde bina edilen 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplumda ýaşamak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine üns çekildi. Raýatlarymyzyň durmuş şertlerini, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary böleginiň, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halkara güwänamalary gowşuryldy
Soňra bu ýerde Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 109 kilometre uzaýan Tejen–Mary böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin gürrüň berýän wideofilm görkezildi.
Dabarada düzümleýin ýol-ulag desgalaryny güwänamalaşdyrmak işine ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Ltd.» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasynyň baş direktory Jengiz Karabalyk «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamany, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes» (GEA) kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Serž Aleksis Zaslawoglou «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamany, Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň güwänamalaşdyrmak işleri boýunça ynanylan wekili Ýadigar Gültekin «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalary gowşurdylar.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykyp, şanly waka mynasybetli, Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Welaýatyň häkimi sowgat berlen täze awtoulaglar üçin hormatly Prezidentimize sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň giňligi 34,5 metr
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen–Mary bölegi alty sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Munuň özi tehniki görkezijiler babatda dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden – ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.