Geçen aý ABŞ-nyň jemgyýetçilik kitaphanalarynyň birinde täsin başlangyç badalga alyp, ol “Pişik myrlamasy” diýlip atlandyryldy. Massaçusets ştatyndaky Wusteriň kitaphanasynda gurnalan tutumyň maksady okamaga alan kitaplaryny wagtynda getirip bilmedik okyjylary çekmekdir. Munuň üçin öň okamaga alan kitabyny ýitiren ýa-da haraplan okyjylar kitaphana gelip, pişigiň fotosuratyny ýa-da elde çekilen şekilini görkezse ýeterlik boldy. Şondan soň onuň “etmişi” bagyşlandy. Kitaphana özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky web sahypasynda pişikleriň okyjylar tarapyndan getiren şekillerini ýerleşdirdi. Kitaphana diňe munuň bilen çäklenmän, okyjylaryň ruhy dartgynlygyny azaltmak maksady bilen pişikler bilen duşuşyklary hem gurady.