19-njy aprelde dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda ählumumy parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry başlandy. Maglumatlara görä, 21 ştatda ýerleşýän 102 saýlaw okrugynda 187 müň saýlaw uçastogy işe başlady.
Bu adamzat taryhynda iň uly saýlawlaryň biri bolup, ählumumy ses berişlik soňky onýyllyklarda iň möhümleriň biri hasaplanýar. Ýurduň ululygy, ses bermäge hukugy bolan ilatyň köpdügi (969 million saýlawçy), şeýle hem howpsuzlyk aladalary göz öňünde tutulyp, saýlawlar ýedi tapgyrda geçiriler. Indiki tapgyr 26-njy aprelde bolar. Soňra ses berişlik bolsa, 7, 13, 20 we 25-nji maýda geçiriler. Iň soňky tapgyr 1-nji iýunda meýilleşdirilýär.
Saýlawlaryň birinji tapgyrynda 543 orny öz içine alýan hindi parlamentiniň aşaky palatasynda – Lok Sabhede 102 orny kimleriň eýelejekdigi kesgitlener. Olar üçin 1625 dalaşgär bäsleşýär.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi raýatlary saýlawlara mümkingadar işjeň gatnaşmaga çagyrdy. “Men ses berýänleriň ählisini özüniň ses bermek hukugyny amala aşyrmaga çagyrýaryn. Esasan hem, ýaşlary we saýlawlara ilkinji gezek gatnaşýanlary ses bermäge çagyrýaryn. Netijede, her bir sesiň aýratyn ähmiýeti bar” diýip, ol Х jemgyýetçilik torunda ýazdy.
Öňde boljak ses berişlikde öňdebaryjylaryň arasynda dolandyryjy “Bharatiýa Janata partiýasy” (BHJ, Hindi Halk Partiýasy) bolup, onuň Lideri häzirki Premýer-ministr Narendra Modi üçünji möhlete dalaşgärlik edýär. Onuň bilen I.N.D.I.A. (Indian National Developmental Inclusive Alliance/Hindi milli ösüş inklýuziw bileleşigi) bäsleşýär. Bu bileleşik 28 umumy milli we sebit partiýasyny birleşdirýär, emma ondaky esasy güýç Hindi Milli Kongresi (INC) partiýasydyr. Bu partiýa ýurtdaky iň köne syýasy güýç bolup, onuň wekilleri – Jawaharlal Neru, Indira Gandi, Lal Bahadur Şastri, Rajiw Gandi, Narasimha Rao ýurduň garaşsyz taryhynyň köp ýyllarynda Hindistany dolandyrdylar. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda INC öňki meşhurlygyny ýitirdi, ýöne häzirki wagtda abraýyny dikeltmek üçin işjeň göreşýär.
Hindistan 1947-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ýurtda jemi 17 gezek ählumumy saýlaw geçirildi we sebitdäki kanun çykaryjy ýygnaklara, takmynan, 400 saýlaw geçirildi. Hindistanda 2019-njy ýylda geçirilen soňky umumy saýlawlar adamzat taryhynda iň uly saýlawlar diýlip ykrar edilip, oňa 600 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşdy.
Şeýle-de, soňky bäş ýylda ýurduň ilaty 1,4 milliarddan geçip, dünýäniň iň köp ilatly ýurduna öwürdi. Şonuň üçin bu saýlawlaryň öňki saýlawlaryň rekordyny täzelemegine garaşylýar.