19-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy.
Döwletimiz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna eýermek bilen, ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär. Ýer ýüzünde nurana geljegi gurmak işine işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy hem şeýle wajyp ugurlaryň biridir. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda ýaşlaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga goşýan bahasyz goşantlary bilen öňdebaryjy orunlara çykýandyklary bellenildi.
Garaşsyz Watanymyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmekleri, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmekleri, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Häzirki wagtda talyplar sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli ders olimpiadalarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda (OIOIUS — 2024) hem ýokary netijeleri gazandylar. Akyl-paýhas bäsleşiginde daşary döwletleriň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinde hünärmen, bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar özara bäsleşdiler.
Ders olimpiadasynyň birinji tapgyrynda oňa gatnaşyjylara bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň tassyklan sanawy esasynda programma dilleriniň dürli amaly wezipelerini çözmek üçin 5 ýumuş berildi. Ikinji tapgyrda kiberhowpsuzlyk boýunça wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça tehniki ýumuşlar ýerine ýetirildi. Ýumuşlar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň professor-mugallymlaryndan, hünärmenlerinden ybarat iş topary tarapyndan taýýarlanyldy. Netijeleri kesgitlemek üçin bolsa bu bilim ojagynyň mugallymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiliginiň mümkinçiliklerinden peýdalanyldy.
Maslahatyň ahyrynda halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy.
Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umumy pikire görä, şeýle çäreleriň geçirilmegi dünýäniň ylym-bilim giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlarymyzyň durmuş işjeňligine, ylmyň we bilimiň öňdebaryjy gazananlaryna gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagyna, möhüm ugurlar boýunça daşary ýurtly deň-duşlary bilen özara pikir alyşmaklaryna, ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklaryna şert döredýär.