1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Ýurdumyzda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Bu barada 19-njy aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.