ABŞ-da “Matteson Capital” kompaniýasy hem-de AO studiýasy tarapyndan täze gökdiräniň taslamasy tassyklandy. Gökdirän Nýu-Ýorkuň ýa-da Çikaganyň däl-de, eýsem, takmynan 700 müň töweregi ilaty bolan Oklahoma-Siti şäheriniň keşbine gözellik çaýar. Ol Oklahoma ştatynyň merkezi şäherinde bina ediler.
Gökdirän “Legends Tower” diýlip atlandyrylar. Ilkibaşda dizaýnerler we binagärler ony ABŞ-nyň ikinji beýik binasyna öwürmegi teklip etdiler. Ýöne ara alyp maslahatlaşmalardan soň çyzgylar düzedildi, netijede “Legends Tower” gökdiräni ýurduň iň beýik binasy derejesine eýe boldy.
“Legends Tower” gökdiräni Oklahomanyň ýurduň 46-njy ştatyna öwrülen ýylyny dabaraly bellemek üçin simwoliki beýiklige – 581 metr beýiklige ýetiriler. Deňeşdirmek üçin ol ABŞ-nyň häzirki iň beýik gökdiräninden Nýu-Ýorkdaky “One World Trade Center” söwda merkezinden 39 metr beýik bolar we Hytaýyň “Ping An Finance Center” gökdiräninden soň, dünýä reýtinginde altynjy orny eýelär”- diýip, “New Atlas” web saýty ýazýar.
Baş gökdiräniň ýanynda üç sany kiçi diň bolar. Olaryň her biriniň beýikligi 105 metr bolup, dört binada jemi 1776 ýaşaýyş jaýy, şeýle hem kaşaň myhmanhana bolar. Käbir aladalar hem bar. Birinjiden, 1 milliondan az ilatly şäherde şeýle beýik bina gurmak, maliýe taýdan peýdaly däl ýaly, ýöne onuň gurluşygyna maýa goýýan Skot Matteson beýle pikir etmeýär. Ýakynda ol bu taslama 1,6 milliard dollar maýa goýandygyny mälim etdi. Ikinji alada bolsa, Oklahoma şäheriniň ýaşaýjylary sebitdäki tornadolar bilen häli-şindi ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Legends Tower”-i dizaýn edýän Kaliforniýa AO studiýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy Rob Budetti liftiň daşyny gurşap alýan ullakan beton esasyň guruljakdygyny aýtdy. Bu binany durnukly esas bilen üpjün eder. Hünärmen, gökdiräniň penjireleriniň harasatlara döz gelip biljekdigini hem tassyklady. Şeýle hem, ol bu gökdiräniň tornado turan halatynda iň howpsuz ýerleriň biri boljakdygyny aýtdy.
Oklahomanyň şäheri meýilleşdiriş boýunça topary taslamany makullady. Eger-de ähli zat ugruna bolsa, üýtgeşik taslamanyň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynda başlanar. Gurluşygyň tamamlanjak wagty belli edilmedi.