Ýapon hökümeti Merkezi Aziýanyň bäş döwleti: Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen tomusda boljak sammite taýýarlyk görüp başlady. Bu barada “Kyodo” habarlar agentligi habar berdi.
Häzirki wagtda maslahatyň awgust aýynda Gazagystanda guramagyň warianty öwrenilýär. Takyk meýilnama gijräk tassyklanar. Bu sammite Ýaponiýanyň Premýer-ministr Fumio Kisida gatnaşar. Taraplaryň ilkinji nobatda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
Ýaponiýa 2004-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen daşary işler ministrleri derejesinde yzygiderli duşuşyklar geçirýär. Bu ýyl Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatiki edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän dialogyň 20 ýyllygy bellenilýär. Sammitiň sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze ädim bolmagyna garaşylýar.
Mundan öň, Ýaponiýanyň “ýaşyl” tehnologiýalary ulanyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge bil baglaýandygy habar berlipdi. Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Ýaponiýa karbonsyzlaşdyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.
Däp bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Russiýa we Hytaý bilen ýakyn gatnaşyklary bar. Ýaponiýa hem bu sebitdäki mineral gorlara baý ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegi möhüm hasaplaýar.