Dünýäniň iň gadymy futbol bäsleşigi hasaplanýan Angliýanyň FA Kubogynyň finalynda Mançester derbisi oýnalar. Mançester şäheriniň wekilleri ýarym finalda kynçylyk çekselerem, finala atlaryny ýazdyrmagy başardylar. Mançester şäheriniň klublary geçen ýylam ilkinji gezek FA Kubogynyň finalynda duşuşypdylar.

“Wembley” stadionynda geçirilen ýarym final oýunlarynyň 1-njisinde “Mançester Siti” bilen “Çelsi” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Mançester Siti” topary londonlylar Bernardo Silwanyň 84-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi.

2-nji ýarym finalda bolsa 2-nji liganyň wekili “Kowentri Siti” bilen “Mançester Ýunaýted” duşuşdy. Duşuşykda “Mançester Ýunaýted” MakTomineýiň 23-nji, Harri Maguaýryň 45+1-nji hem-de Bruno Fernandeşiň 58-nji minutdaky gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. Ýöne 37 ýyldan soň ilkinji gezek ýarym finala çykan “Kowentri Siti” 90-njy minutdan soň hasaby deňlmegi başardy. Oýnuň 71-nji minutynda Simms, 79-njy minutynda-da O’Hare tapawutlandy. 90+5-nji minutda bolsa Raýt penaltini dürs urup, hasaby deňledi. Oýundan soňky penaltilerde bolsa 4-2 hasabynda üstün çykan “Mançester Ýunaýted” adyny finala ýazdyrdy.

“Mançester Siti” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky final 25-nji maýda “Wembley”-de oýnalar. Geçen ýylky finalda “Mançester Siti” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, kubogy 7-nji gezek eýeläpdi. Olar 13-nji gezek finalda oýnar. 22-nji gezek finala çykan “Mançester Ýunaýted” kubogy 12 gezek gazandy.