Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolýar. Kemeronyň Täjigistana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Türkmenistana, Gazagystana we Mongoliýa saparlary göz öňünde tutuldy.
Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň sapary Beýik Britaniýanyň sebitiň ýurtlary bilen söwda, howpsuzlyk we ekologiýa ugurlarda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
22-nji aprelde Dewid Kemeron Täjigistana sapar bilen bardy. Ol ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Daşary işler ministri Kemeron duşuşykda eden çykyşynda söwda, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Täjigistanda saparda bolan ilkinji Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri bolmakdan hoşaldygyny bellän Kemeron munuň üçin has köp wagt gerek bolandygy üçin hem gynanandygyny aýtdy.


Saparynyň çäklerinde Kameronyň gidroelektrik beketleriň we suwaryş desgalarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilýän ýerlerine baryp görmegi hem göz öňünde tutulypdyr.