Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Hytaý umumy bahasy 2,4 milliard dollar bolan türkmen gazyny import etdi. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligi habar berdi.
Ýurduň 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde suwuklandyrylan gaz we turbageçirijiler arkaly import edilen gazyň möçberi 32,79 million tonna bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22,8 göterim artyk bolupdyr.
Hytaýa tebigy gazy suwuklandyrylan görnüşde ibermekde bolsa, Awstraliýa (3,6 milliard dollar/6,3 million tonna), Katar (3,1 milliard dollar/5,2 million tonna) we Malaýziýa (1,15 milliard dollar/2,3 million tonna) öňdeligi eýeleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy üç ugur arkaly eksport edýär. Ol ugurlar Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçip, ýyllyk kuwwaty 55 milliard kub metre barabardyr.
Degişli döwürde ýurduň içerki önümçiligi hem artypdyr. Ýanwar-mart aýlarynda ýurtda 63,2 milliard kub metr tebigy gaz çykarylypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,2 göterim ýokary bolupdyr.