Elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Tesla”-nyň satuwy şu ýylyň birinji çärýegindäki satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,5 göterim azalypdyr. Şeýlelikde kompaniýanyň satuwy 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pese gaçdy. Kompaniýa satuwyny artdyrmak üçin köp wagtdan bäri arzan ulag öndürmegiň aladasyny edýärdi. Mundan ozal 2025-nji ýylyň ahyrynda arzan bahaly ulaglaryny satuwa çykarjakdygyny mälim eden kompaniýa, indi munuň has ir bolup biljekdigini aýtdy. Şu ýylyň dowamynda has arzan “Teslalaryň” önümçiligine başlanmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask elýeterli bahaly modelleriniň global derejede elektroulaga bolan azalýan islegi gaýtadan artdyryp biljekdigini belleýär. Şeýle hem beýleki awtoulag öndürijileriniň hem elektroulag modellerini artdyrmagy bilen bu ugurdaky bäsdeşlik has ýitileşýär.
Satuwy artdyrmak isleýän elektroulag öndürijisi Mundan başga-da köp ýurtda arzanlaşyk yglan etdi. Indiden beýläk “Model 3” ulaglary hytaýly müşderilere ozalkydan 14 müň (1932 dollar) ýuan arzan, ýagny 231 müň 900 ýuandan (32 müň dollar) satylar. Germaniýada bu ulagyň bahasy 42 müň 990 ýewrodan 40 müň 990 ýewro düşürildi. ABŞ-da bolsa, “Model Y”, “Model X” we “Model S” ulaglarynyň bahasy 2 müň dollar arzanladyldy. Şeýle hem “Tesla” Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynyň köpüsinde-de arzanlaşyk yglan etdi.

Gülsenem Eminowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.