Türkiýe we Yrak “Ösüş ýoly” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi barada şertnama baglaşdy. “TRT Haber” döwlet teleýaýlymynyň habaryna görä, bu şertnama Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Bagdada eden saparynyň çäginde baglaşyldy.
“Ösüş ýoly” taslamasy Yragyň nebite baý günorta sebitlerini Türkiýäniň Ortaýer deňzi kenarlary bilen birleşdirjek demir ýollar we awtoulag ýollary ýaly ulag we logistika ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
2023-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Yrak häkimiýetleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda haryt dolanyşygyny ep-esli ýeňilleşdirip biljek bu başlangyjyň ýola goýlandygyny habar berdiler. Meýilnamalara görä, esasy ulag ýollary iri Fao porty bilen birleşdiriler.
“Ösüş ýolunyň” çäginde uzynlygy 1,2 müň kilometrden gowrak demir ýoly döwrebaplaşdyrylar we gurlar. Demir ýoluň gapdalyndan Yragy goňşy ýurtlar bilen birleşdirjek ýokary tizlikli ýollar çekiler. Taslamanyň bahasy takmynan, 17 milliard dollar.
Erdogan 12 ýyldan soň ilkinji gezek resmi sapar bilen Bagdada bardy. Soňra Türkiýäniň Prezidenti Yrak Kürdüstanyň merkezi Erbile baryp gördi.