24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Myh­man mil­li Li­de­ri­mi­ze du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­riň, Fe­de­ral Kans­le­ri Olaf Şol­suň mä­hir­li sa­la­my­ny we türk­men hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di hem-de Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry­nyň sa­pa­ry­nyň türk­men kär­deş­le­ri bi­len gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem Gahryman Arkadagymyz sa­pa­ryň jem­le­ri­niň gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Ger­ma­ni­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­dä­ki mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di we hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň äh­li ul­gam­la­ryn­da di­ýen ýa­ly ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri söw­da-yk­dy­sa­dy ul­ga­myň hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan we Ger­ma­ni­ýa luk­man­çy­lyk se­na­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy, bank ul­gam­la­ryn­da, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Ger­ma­ni­ýa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­çe­me­si uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ba­za­ryn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýär­ler.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Mi­ha­el Harms Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da ge­çen ýyl iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň «Ýol kar­ta­sy­nyň» äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Ol ener­ge­ti­ka­da, hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da, oba­se­na­gat top­lu­myn­da, Ýew­ro­pa bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky ulag ge­çel­ge­sin­de, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek­de, suw ho­ja­ly­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry özün­de jem­le­ýär. Söh­bet­deş­ler Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti ar­ka­ly ne­mes kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek hem-de türk­men ba­za­ry­na tä­ze ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek üçin gel­jek­de-de hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mä­ge gy­zyk­lan­ýan­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da myh­man Gahryman Arkadagymyzyň ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len Türk­men-ger­man işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çy­ky­şy­nyň ne­mes işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den­di­gi­ni aýt­dy. On­da hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry anyk be­ýan edil­di we öza­ra gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek üçin tek­lip­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le-de, «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ger­ma­ni­ýa» gör­nü­şin­de Ber­lin­de gu­ra­lan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň, bi­le­lik­dä­ki işe­wür­lik fo­ru­my­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Ger­ma­ni­ýa­nyň «Goetz­part­ners» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň şu ýy­lyň ba­şyn­da Türk­me­nis­ta­na bo­lan sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da Arkadag şä­he­rin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça Äht­na­ma gol çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de Gahryman Arkadagymyz Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry­ny bar bo­lan müm­kin­çi­lik­ler­den, şol san­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka, inkl­ýu­ziw we «akyl­ly» şä­her­le­ri gur­mak ul­ga­myn­da dö­re­ýän müm­kin­çi­lik­ler­den has giň­den peý­da­lan­ma­ga ça­gyr­dy hem-de ko­mi­te­tiň anyk tek­lip­le­ri­ne ga­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.
Myh­man tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, dür­li ugur­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne hem-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.