Bir ge­zek ha­ly­pa­la­ryň bi­ri şä­girt­le­ri­niň öňün­de sa­pak be­rip dur­ka, üýt­ge­şik my­sal ge­ti­rip­dir. Ol uly aý­na ga­byň içi­ni uly daş­lar bi­len dol­du­ryp, şä­girt­le­rin­den onuň do­lup-dol­man­dy­gy­ny so­rap­dyr. Hem­me­ler aý­na ga­byň do­lan­dy­gy­ny tas­syk­lap­dyr­lar. On­soň ha­ly­pa onuň üs­tü­ne owun­jak ça­gyl gu­ýup, ga­by ikiýa­na yra­lap­dyr. Şon­da maý­da ça­gyl­lar iri daş­la­ryň ara­sy­na dü­şüp, köwek ýer­le­ri­ni dol­du­ryp­dyr. Soň­ra ol şä­girt­le­rin­den ýe­ne-de ga­byň do­lup-dol­man­dy­gy­ny so­rap­dyr. Olar ýe­ne-de ga­byň do­landy­gy­ny aýdypdyrlar.
Soň­ra ha­ly­pa sto­luň aşa­gyn­dan içi çä­ge­li hal­ta çy­ka­ryp, ony hem ga­ba guý­ýar. Ne­ti­je­de, içi daş­ly ga­byň iň soň­ky boş ýerlerini hem çä­ge dol­dur­ýar.
Soň­ra ol edil bi­rin­ji ga­ba meň­zeş baş­ga bir aý­na ga­by sto­luň üs­tün­de goý­ýar-da, ony çä­ge bi­len dol­dur­ýar. Soň­ra ha­ly­pa çä­ge­li ga­ba iri daş­la­ryň bi­ri­ni dyk­ma­ga dyr­jaş­ýar, ýö­ne syg­ma­ýar.
– Men şu du­ry aý­na gap­lar ar­ka­ly öz dur­mu­şy­ňy­za akyl ýe­tir­me­gi­ňi­zi is­le­ýärin. My­sal hök­mün­de iri daş­lar dur­mu­şy­ňyz­da­ky iň esa­sy zat­lar di­ýip ala­lyň: bu si­ziň maş­ga­la­ňyz, ýa­kyn­la­ry­ňyz we sag­ly­gy­ňyz. Ow­nuk ça­gyl­lar bol­sa, iş, öý, goş-go­lam ýa­ly maş­ga­la ze­rur­lyk­la­ry di­ýip ha­sap­la­lyň. Çä­ge bol­sa, dur­muş­da­ky maý­da-çüý­de zat­la­ry, gün­de­lik ala­da-hy­syr­dy­la­ry ala­mat­lan­dyr­ýar di­ýe­li. Eger-de, ga­by­ňy­zy owal­ baş­dan pi­kir­len­män, çä­ge bi­len dol­dur­sa­ňyz, on­da eý­ýäm, hiç hi­li da­şa ýer gal­ma­ýar – di­ýip, ha­ly­pa şä­girt­le­ri­niň ýü­zü­ne so­rag­ly na­za­ry­ny aý­lap, gür­rü­ňi­ni do­wam et­dir­di:
– Kä­te dur­muş­da hem şeý­le bol­ýar: eger-de siz wag­ty­ňy­zyň ba­ry­ny we güýç-gaý­ra­ty­ňy­zy ow­nuk-uşak zat­la­ra sarp et­se­ňiz, on­da mö­hüm zat­la­ra hiç hi­li wagt gal­ma­ýar. Beý­le ýag­daý­da siz er­ňe­gi­ne çen­li çä­ge bi­len doldurylan ga­ba meň­zär­si­ňiz. Şo­nuň üçin öz ün­sü­ňi­zi iň esa­sy zat­la­ra gö­nük­di­riň, maş­ga­la­ňy­za, ýa­kyn­la­ry­ňy­za wagt ta­pyň, sag­ly­gy­ňy­za se­re­diň! Şon­da-da si­ze öý iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga we beý­le­ki iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge wagt ta­py­lar.
Uly daş­la­ry­ňy­za ese­wan bo­luň, ola­ry göz­den sal­maň, şo­lar has äh­mi­ýet­li bolup, ga­lan­la­ry di­ňe çä­ge­dir.