Russiýa Federasiýasynyň awtoulag önümçiliginde wodorod ýangyjy bilen hereket edýän kaşaň awtoulag peýda bolar. «NAMI Hydrogen» atly awtoulag Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Senagat innowasiýasy. Merkezi Aziýa» atly halkara senagat önümçiligi sergisinde tanyşdyryldy.
Russiýa Federasiýasynyň Merkezi awtomobil ylmy-barlag we awtohereketlendiriji instituty tarapyndan işlenip düzülen bu ulag wodorod ýangyjy bilen hereket edýän dünýädäki ilkinji kaşaň awtoulag bolar.
Täze ulag Russiýada öndürilýän «Aurus Senat» kysymly awtoulaga meňzeşdir. Ulagda 3 sany hereketlendiriji oturdylyp, olaryň biri ulagyň öň tarapynda, ikisi bolsa yz tarapynda ýerleşdirilipdir. Umumy kuwwaty 1020 at güýjüne barabar bolan awtoulag 4 sekuntda 100 kilometr tizlige ýetýär.
Aýjennet AŞYRMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.