24-25-nji aprel aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA) tehniki missiýasynyň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine sapary guraldy. Bu saparyň maksady Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça maslahatlary we tehniki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybarat.
Çäräniň dowamynda Riganyň Tehniki Uniwersitetiniň bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagyň konsepsiýasyny we tehnologiki mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde we ösdürmekde hem-de işgärleri taýýarlamakda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Okuw merkezinde geçirilen duşuşygyň netijesi boýunça işgärleri taýýarlamak we okatmagyň usulyýetlerini kämilleşdirmek ulgamynda tehniki çözgütleriň, programma üpjünçiliginiň, enjamlaryň we infrastrukturanyň seljermesi geçirildi we bu ýerde uzak aralykdan okatmagyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmak usuly işgärleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda oňyn çemeleşmäni üpjün edýär we şol bir wagtda okatmak üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrýar.