«Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan: Durnukly energiýa günleri» möwsüminiň çäginde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdep şäherdäki orta mekdepleriň arasynda iň tygşytly energiýa sarp ediji hökmünde ykrar edildi.
Baýrak gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň wekilleri, mekdep mugallymlary, okuwçylar, ene-atalar, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa öz çykyşynda belleýşi ýaly, bu baýrak mugallymlaryň tebigy baýlyklary seresaply we oýlanyşykly peýdalanmakda, şeýle hem daşky gurşawy we planetany goramakda çagalaryň başarnyklaryny ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ykrar edilmegidir.
Baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň «Tebigat biziň umumy öýümiz» temasy boýunça okuw sapagy geçirildi, ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini, şeýle hem agaç nahallaryny wagyz etmek üçin sport ýaryşlary we welosiped sürmek guraldy.
«Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan: Durnukly energiýa günleri» Aşgabatda we Türkmenbaşyda halk köpçüliginiň, şol sanda ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň energiýa netijeliligi we täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm