Fudzikawagutiko şäheriniň häkimligi Ýaponiýanyň meşhur dagy bolan Fudziniň görnüşini syýahatçylaryň synlamagy üçin kynçylyk döredip biljek haýat gurmagy meýilleşdirýär. Beýle çäräni etmek bilen häkimiýetler Kawagutiko demir ýol menziliniň golaýyndaky “ Lawson” azyk dükanynyň ýanyndaky surata düşülýän bu ajaýyp ýeriň mähellesini azaltmak isleýärler. Ýerli işgärleriň pikiriçe, syýahatçylar fotosuratdaky “Lawsons” dükanlar toplumy bilen Fudzi dagynyň birleşmesini “hakyky ýapon” keşbi hasaplaýarlar, owadan surat almak üçin dükanyň gapdalyndaky ýanýodalary doldurýarlar, gadagan ýerlerde ulaglaryny goýýarlar we ulag hereketine päsgel berýärler. Şeýlelikde, bu zatlaryň öňüni almak maksady bilen ol ýerde 2,5 m beýiklikdäki uzynlygy 20 metr bolan diwar gurlar, bu diwar ýagdaý kadalaşýança galar. Şeýle-de bolsa, Fudzikawagutiko şäherindäki “Lawsan” dükany ýeke-täk däl, onuň ikinjisi bary-ýogy bir kilometr uzakda ýerleşýär.
Akjagül NURÝAGDYÝEWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.