Futbolda bir toparda uzak wagtlap çykyş etmek ýa-da tälimçi bolmak seýrek duş gelýän hadysadyr. Paolo Maldini, Françesko Totti, Pol Skouls, Raýan Giggz ýaly tutuş karýeralaryny bir klubda geçiren futbolçylary mysal bermek bolar. Aleks Ferguson, Gi Ru, Arsen Wenger ýaly meşhur tälimçilerem karýeralarynyň ep-esli ýyllaryny bir klubda geçiren ussat tälimçilerdir. Futbolyň irki ýyllarynda, has takygy 1950-nji ýyllardan öň bir toparda uzak wagtlap işlän tälimçileriň sany az däldi. Hatda şol ýyllarda 20-30-40 ýyllap bir kluba ýa-da ýygynda tälim berýän hünärmenler bardy.

Aleks Ferguson bilen Arsen Wengeriň tälimçiligi taşlanlaryndan soň, bu statistika hasam azalan ýaly. Ýöne şonda-da birlän-ikilän duş gelinýär. Şolaryň ikisi häzirki wagtda Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” bolup, olaryň ikisi-de köp wagtdan bäri häzirki klublarynda işläp ýörler. Esasy makalamyza geçmezden ozal, häzirki günde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda uzak wagtdan bäri bir kluba tälim berip gelýän hünärmenleri hem belläp geçeliň. Diego Simeone 13 ýyla golaý bäri “Atletiko Madride “tälim berip gelýär. Angliýanyň “Premier Ligasynda” 8,5 ýyl gowrak “Liwerpulyň” tälimçisi bolan germaniýaly Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda wezipesini taşlar. Şu günlerde bassyr 4-nji çempionlygy ugrunda göreş alyp barýan “Mançester Siti” toparynyň ispaniýaly tälimçisi Pep Guardiola hem klubda işläp ýörenine 8 ýyl dolup gelýär. Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da “Atalantanyň” tälimçisi Jan Pier Gasperini 8, “Ligue 1”-de liga galmak üçin göreşýän Klermon” toparynyň tälimçisi Paskal Gasteýn hem 6,5 ýyldan bäri bir kluba tälim berýär.

“Bundesliganyň” rekordynyň eýesi

Taryhynda ilkinji gezek “Bundesligada” çykyş edýän “Haýdenhaým” toparynyň tälimçisi Frank Şmidt 17 ýyldan bäri kluba tälim berip gelýär. 1846-njy ýylda sport kluby hökmünde esaslandyrylan “Haýdenhaým” topary 2007-nji ýylda futbolda professional klub bolýar. Professional futbola ädilen ilkinji ädim bilen klubuň ykbaly hem üýtgäp başlaýar. Şol wagtlar 5-nji ligada çykyş edýän “Haýdenhaým” toparynda Diter Marklyň ornuna onuň kömekçisi Frank Şmidt wezipä bellenilýär. Şmidt kluby ýurduň iň ýokary ligasyna çykarmak üçin goluny çermäp işe girişýär. Klub onuň tälimçiliginde bir möwsümden soň 4-nji liga, ondan soňam 3-nji liga çykýar. 3-nji ligada 5 ýyl güýmenileninden soň, 2014/15 möwsüminde “Bundesliga 2”-ä gadam basan klub bu ýerde-de 8 möwsüm çykyş edýär. Geçen möwsüm “Haýdenhaým üçin taryhy sene bolýar. Klub “Bundesliga 2”-de soňky duşuşygynda “Ýan Regensburg” topary bilen duşuşýar. Şonda 3-nji orunda barýan “Haýdenhaým” topary garşydaşynyň 2-0 öňde barýandygyna garamazdan, 90-njy minutdan soň 2 gol geçirip, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanýar (Saller 58 ö.d., Beste 90+3 p, Kleidenst 90+9 – Owusu 51,56). Bu ýeňiş olara “Bundesliga 2”-niň çempionlygy bilen bir hatarda “Bundesliga” gönümel çykmaga ygtyýar berýär. Taryhynda ilkinji gezek “Bundesliga” çykan klub häzirki wagtda 10-njy orunda barýar. Möwsümiň dowamynda “Bawariýanyň” ýeňmegi klubuň ýatdan çykmajak ýeňişleriniň biri bolýar. Klubuň iň esasy maksady “Bundesliga” ornaşyp, “Union Berlin” ýaly gysga wagtyň içinde Ýewrokuboklara gatnaşmak bolar. Topar bu ugurda 17 ýyla golaý tälim berip gelýän tälimçisi Şmidte bil baglaýar. Şmidt bir klubda iň uzak wagtlap baş tälimçi bolmakda nemes futbolynyň rekordynyň eýesidir.

29 ýyllyk başdan geçirme tamamlanar

Uzak wagtlap bir klubda işläp gelýän ýene bir tälimçi-de Kristian Ştraýh bolup, 30 ýyla golaý bäri Fraýburg toparynyň dürli ýaşdaky futbolçylaryna tälimçilik edip gelýär. Futbolçylyk karýerasynda-da 1 ýyl bu klubda oýnan Ştraýh 1995-nji ýylda klubuň ýaşlar toparynyň tälimçiligine bellenilýär. 2007-nji ýylda-da baş tälimçiniň kömekçisi wezipesine goýlan Ştraýh 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda-da häzirki işine başlaýar. 2014/15 möwsüminde klub aşaky liga düşse-de, toparyň ýolbaşçylary ony wezipesinden boşatmaýar. Klub 1 ýyldan soň ýene-de “Bundesliga” çykmagy başarýar. “Fraýburg” topary onuň tälimçiliginde geçen möwsümi 5-nji orunda tamamlaýar we bu Ştraýhyň ýolbaşçylygyndaky iň ýokary netije hökmünde hasaba alynýar. Duşuşyklara we türgenleşiklere welosipedli gidip gelýär. Daşky gurşawa zyýan bermeýän egin eşikleri saýlap alýan özboluşly häsiýetli Kristian Ştraýh möwsümiň ahyrynda klubdan gider. 58 ýaşyndaky Ştraýhyň möwsümiň ahyrynda “Fraýburgdaky” 29 ýyllyk başdangeçirmesi tamamlanar. Ol bu barada köp oýa batandygyny aýdyp: – Köp pikir etdim, köp adam bilen gürleşdim, pikir alyşdym. 29 ýyldan soň täze-täze adamlar bilen tanyşmagyň, täze mümkinçiliklere rowana bolmagyň pursaty gelip ýetdimikä diýýärin – diýip, öz sosial media hasabynda beýan edipdi.