Dubaýdaky beýikligi 828 metr bolan Burj-Halifa gökdiräni dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýar, ýöne ol ýaşaýyş binasy däl-de, täjirçilik maksatly desgadyr. Gökdiräniň uly bölegini iri kompaniýalaryň edaralary eýeleýär. Häzirki wagtda özüniň ägirt uly taslamalary bilen tanalýan bu şäherde dünýäniň iň beýik ýaşaýyş-durmuş maksatly gökdiränini gurmakda hem öňdeligi eýelemek kararyna gelindi.
Şeýlelikde, şäheriň merkezine we “Palm Jumeýra” emeli adasyna ýakyn ýerde, abraýly Marina sebitinde täze 122 gatly “Six Senses Residences Dubai Marina” toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Gökdiräniň beýikligi 517 metre deň bolup, bu häzirki iň beýik ýaşaýyş gökdiräni bolan Nýu-Ýorkdaky 472 metrlik “Central Park Tower” binasyndan 45 metr beýik bolar.
“Woods Bagot”, “WSP Middle East” kompaniýalary we “Six Senses” myhmanhana operatory tarapyndan işlenip düzülen taslama, meýilnama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli tamamlanar.
“Six Senses Residences Dubai Marina” meýdany 1310 inedördül metre çenli bolan üç gatly, bäş otagly penthauslary goşmak bilen, 251 sany kaşaň otagy öz içine alar. Onuň ýaşaýjylary sport zaly, spa-merkezi, kinoteatr we “ses bilen bejeriş studiýasy” ýaly, giň infrastrukturadan peýdalanyp biler. Otaglaryň bahalary entek mälim edilmedi, ýöne taslamanyň aýratynlygyny we ýerleşýän ýerini göz öňünde tutup, olaryň millionlarça dollar boljakdygyny çaklamak bolar.