Braziliýaly goragçy 15 ýyldan soň öňki klubuna dolanar

72

Möwsümiň ahyrynda “Çelsi” bilen hoşlaşjakdygy habar berlen braziliýaly goragçy Tiago Silwa ozalky klubuna dolanar. 39 ýaşyndaky goragçy ýurdunyň “Fluminense” toparynyň düzümine goşular. Oýunçy bilen APL-den hem-de Saud Arabystanyndan başga klublar hem içgin gyzyklanýardy. Ol 2006-2009-njy ýyllar aralygynda “Fluminense” toparynda oýnap, 147 oýunda 14 gol geçiripdi. Tiago Silwa 2009-2012-nji ýyllarda “Milanda”, 2012-2020-nji ýyllarda-da PSŽ-de oýnady. 4 ýyllap Çelsiniň köýnekçesini geýen Silwanyň “Serie A”-da 1, Ligue 1-de 7, UEFA Çempionlar Ligasynda 1, UEFA Super Kubogynda 1, FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynda 1 çempionlygy bar.