Formula 1 boýunça möwsümiň 6-njy ýaryşy Maýami “Gran Prisinde” garaşylmadyk sürüji ýeňiş gazandy. 5-nji hatardan başlan “McLaren” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiji bolup, ol 57 aýlawy 1 sagat 30 minut 49,876 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi. “McLaren” topary-da soňky gezek 2021-nji ýylda Italiýanyň Monza şäherinde ýeňiş gazanypdy.
Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan Maks Werstappen ýeňijiden 7,612 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Ol sprint ýaryşynda ýeňiş gazanyp, goşmaça 8 utuk gazandy. Münberiň 3-nji basgançagyna “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler çykmagy başardy. “Red Bull” toparynyň meksikaly sürüjisi Serhio Peresiň 4-nji bolan ýaryşynda “Ferrari” toparynyň ispan piloty Karlos Saýns Junior 5-nji orny eýeledi.
Geçirilen 6-njy ýaryşdan soň Werstappen 136 utuk bilen 1-nji ýerde barýar. Topardaşy Peres 103 utuk bilen 2-nji ýeri eýelese, 3-nji orunda Lekleriň 98 utugy bar.
Möwsümiň 7-nji ýaryşy 19-njy maýda Italiýanyň Imola şäherinde geçiriler.