Şu günler eziz Diýarymyzda Ýeňiş gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Her ýyl Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň ähli kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken uruş weteranlarymyz we tylyň gaýduwsyz zähmetkeşleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary ýaşlarymyz bilen duşuşyp, öz başdan geçiren agyr günleri barada hem-de Watan mukaddesligi hakynda täsirli gürrüňleri berýärler. Şeýle dabaralaryň hatarynda «Gahrymanlaryň mertligi ýaş nesillere nusgadyr!» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly weteranlara ýadygärlik sowgatlary we ter gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda hormatly weteranlaryň şol ýalynly ýyllaryň ýowuz günleri we Watan goragy üçin görkezilen gahrymançylyklar baradaky aýdan täsirli gürrüňleri merdana Watan goragçylary üçin has-da täsirli boldy. Il sylagly, döşleri orden medally hormatly weteranlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklarda watançylyk terbiýesi we şol ýalynly ýyllaryň gahrymançylyklary hakynda giňden söhbet açylýar.
Watan gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän mukaddes we gymmatly däpleriniň biridir. Ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlaryna, şeýle hem mukaddes ojaklaryna baky wepaly enelerimize hormat-sarpa uludan goýulýar, olar döwletimiz tarapyndan elmydama üns-alada bilen gurşalýar.
«Öçme ojagym» diýip, ýar ojagyna wepaly bolup, tutuş ömrüni garaşyp geçiren ene-mamalarymyzyň käbirleriniň häzirki wagtda bagtyýarlyk döwrümizde biziň aramyzda bolmagy ýaş neslimiz üçin terbiýe mekdebidir. Olaryň şol agyr kynçylyklara döz gelişleri baradaky täsirli gürrüňlerini eşitmek Watana we ýar ojagyna wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezýär.
Düýäniň parahatlygy, eziz Diýarymyzyň asudalygy barada taýsyz tagallary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
Sähetmyrat Bäşimow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.