Şu gün Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Patyşalygyň Türkmenistana ugradan sowgady bolan 25 tonna barabar hurmany türkmen tarapyna gowşuryş çäresi geçirildi.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd Saud Arabystany Patyşalygynyň haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ugradylan 25 tonna hurmany Türkmenistanyň Müftisiniň müdiriýetiniň wekillerine gowşurdy. Ilçi Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk we goňşy ýurtlara däp boluşy, her ýyl hurma sowgat ugradýandgyny belledi. Ol şol sanda doganlyk Türkmenistana hem sowgat edýäris diýip nygtady.
Türkmenistanyň Müftisiniň müdiriýetiniň wekili gymmatly sowgat üçin minnetdarlygyny bildirdi we hurmanyň haýyr-sahawat üçin degişli ýerlere paýlanjakdygyny aýdy.
Soňra Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlardaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, ýola goýlan giň gerimli dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, ýygnanlara minnetdarlygyny aýtdy.

Hurma özüniň süýji tagamy bilen hemmeleriň halaýan iýmişleriniň biridir. Ol dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň hatarynda durýar. Ata watany Arabystan ýarym adasy we Demirgazyk Afrika hasaplanýan bu miwe irki döwürlerden bäri dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda peýdalanylypdyr.