Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly senäniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde giňden bellenilýändigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bir bölegidigini, dünýä halklarynyň akyldaryň döredijiligine uly hormat goýýandygyny alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler: halkara olimpiadalar, dürli döredijilik çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.
Bu gün şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty we Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler.
Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik nusgawy şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Milli Liderimiziň teklibi esasynda bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri oturdyldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň güwäsidir.
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada 10-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.