17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.
Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar.
Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.
Bu ýerde ýurdumyzyň teatr we tans toparlarynyň, tanymal aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara aýratyn many-mazmun berýär. Bu goşgyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda ilkinji gezek şu künjekde okandygyny bellemek gerek.
Joşgunly çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär we ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.
Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary türkmen halkynyň beýik ogly, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaranyň iň şowhunly pursady ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan medeni-seýilgäh toplumyny açýar. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana göterilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz we çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine tarap ugradylar. Ýol ugrunda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumyň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündäpdir.
Şeýlelikde, bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny açyp görkezýär.
Seýilgähiň iki tarapynda çeper suratlaryň, heýkelleriň, keramika we haly önümleriniň sergisi guraldy.
Seýilgäh toplumynyň çägindäki meýdançada ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary tarapyndan «Toý mekany» atly aýdym ýerine ýetirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegindäki meýdança geldiler. Ýol ugrunda Watanymyzy wasp edýän edebi-sazly çeper kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we çärä gatnaşyjylar basgançaklar arkaly türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline tarap ugradylar.
Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilýär.
Basgançaklaryň her aralygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny alamatlandyrýan bäş sany haly gölüniň şekilinde bezelen ýörite sahna meýdançalary gurlupdyr. Bu ýerde teatr artistleri meşhur türkmen şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Nurmuhammet Andalybyň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň we Mätäjiniň keşbinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary okaýarlar, aýdymçylar çeper sözüň beýik ussadynyň goşgularyna döredilen «Gidiji bolma», «Näme sen?», «Mert bolmaz», «Bady-sabany görsem», «Bu gün» atly aýdymlary ýerine ýetirýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.
Dabaranyň ahyryndaky dronlaryň şüweleňi «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi. Yşyklar we dürli şekiller, aýdym-saz bilen utgaşdyrylan çykyş ajaýyp tomaşany, täsirli pursatlary döretdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyndaky möhüm wakalaryň birine öwrülen şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.