17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini aýtdy. Şu gün biz Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.
Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçeris. Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde bize egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we ýygnananlary hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.