Futbol oýnunyň soňky ýyllardaky iň uly täzeligi gürrüňsiz Wideo gözegçi emin, ýagny VAR bolup, ol otrisatel hem-de položitel ýagdaýda ünsden birjigem düşenok. VAR-dan göwni suw içýänleriň bolşy ýaly, ondan nägile bolýanlaryň sany hem az däl. Şwesiýadan soň ýene bir ýurtda, futbolyň watany hasaplanýan Angliýada, dünýäniň iň eý görülýän ligasynda mundan soň VAR ulanylman bilner. Mälim bolşy ýaly, Şwesiýada mundan soň VAR-yň ulanylmajakdygy barada karar kabul edilipdi.

Häzirki wagtda “Premier Liganyň” klublarynyň degişli wekilleriniň arasynda geljek aýyň dowamynda öňümizdäki möwsümde VAR-yň bolup-bolmazlygy üçin ses berlişik geçiriler.

Premier Liganyň ýolbaşçylaryň duşuşyklarda VAR ulgamynyň dowam etmeginiň tarapdary. Ýöne klublaryň hemmesi bu pikirde däl. Mysal üçin, “Wulwerhempton” toparynyň wekillerine pikirine görä, VAR-yň futbol janköýerler bilen klubuň arasyndaky ysnyşyga, gatnaşyga zeper ýetirýär.

VAR-yň bardygyna garamazdan, ýene-de görnetin ýalňyşlyklaryň goýberilýändigi, çykarylýan netijeleriň adalatly däldigini öňe sürýän klublaryň sany az bolman, olar VAR ulgamynyň ýatyrylmagyny isleýärler.